Türkmenistan Duşenbede Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji Parlamentara forumyna gatnaşdy

29.10.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 29-njy oktýabrda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji Parlamentara forumyna gatnaşdy. «Merkezi Aziýada agzybirligiň, howpsuzlygyň we gülläp ösüşiň bähbidine» atly temada geçirilen bu halkara çäre sebit ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary parlament derejesinde berkitmäge we hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmaga gönükdirildi. Bu barada kanunçykaryjy edaranyň metbugat gullugy habar berdi.

Forumyň açylyş dabarasynda çykyş eden Türkmenistanyň parlamentiniň ýolbaşçyasy çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisine minnetdarlyk bildirdi. Duşenbe duşuşygynyň sebitiň abadançylygyny üpjün etmekde, parlamentara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmekde hem-de durmuş-ykdysady ösüşler boýunça oňyn tejribe alyşmakda uly itergi berjekdigi bellenildi.

Çykyşda döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli goldawy netijesinde şeýle forumlaryň sebitde köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we durnukly ösüşi üpjün etmekde parlamentleriň tagallalaryny utgaşdyrmaga täze mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy. Şeýle hem Merkezi Aziýanyň geosyýasy we ykdysady taýdan möhüm merkeze öwrülendigi, Türkmenistanyň syýasatynyň bolsa parahatçylygy, özara ynamy we netijeli dialogy berkitmäge gönükdirilendigi barada aýdyldy.

Forumyň dowamynda sebit howpsuzlygyny we parahatçylygyny üpjün etmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň, sebitleýin ýaşlar forumlarynyň, ylmy maslahatlaryň hem-de medeni-sport çäreleriniň uly ähmiýete eýedigi aýratyn bellenip geçildi.