02.11.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 31-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Mejlisiň barşynda kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak we Täjigistanda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň IV parlamentara forumynyň netijeleri barada maglumat berildi.
Ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işleri, nebitgaz pudagynda metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara hyzmatdaşlyk garaldy.
Şeýle hem oba hojalyk pudagyndaky möwsümleýin işler, Hasyl toýuna we ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyklar, elektrik energetikasy binýadyny kämilleşdirmek hem-de Türkiýe Respublikasynda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde guraljak sergä gatnaşmak boýunça görülýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Noýabr aýynda belleniljek baýramçylyk çäreleri, täze desgalaryň açylyş dabarasy, Saglygy goraýyş boýunça XIII türkmen-german forumy boýunça tabşyryklar berildi.
Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitiniň netijeleri hem-de «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» Kararnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Mejlisiň ahyrynda raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler garalyp, döwlet Baştutanymyz tarapyndan degişli çözgütler kabul edildi.