05.11.2026
Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynda «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat boldy. Çäre Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasy tarapyndan bilelikde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Foruma BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, halkara guramalaryň hem-de Merkezi Aziýa, Azerbaýjan, Türkiýe, Gruziýa, Koreýa Respublikasy we Mongoliýa ýaly döwletleriň kärdeşler arkalaşyklarynyň 40-a golaý wekili gatnaşdy. Olar ilki bilen türkmen halkynyň milli mirasyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.
Maslahatda durnukly ösüşi üpjün etmekde, zähmet standartlaryny kämilleşdirmekde we zähmetkeşleriň kanuny bähbitlerini goramakda kärdeşler arkalaşyklarynyň ornuna aýratyn üns çekildi. Şeýle hem ýurdumyzda zähmet bazaryny ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda 2026–2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna gol çekildi. Maslahat tarapara gatnaşyklary we tejribe alyşmagy pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança boldy.