09.11.2026
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleriniň arasynda 6-njy noýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi. İki ýurduň gümrük edaralarynyň başlyklarynyň orunbasarlarynyň ýolbaşçylygynda geçen gepleşikleriň gün tertibinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we serhetýaka ulag-logistika gatnaşyklaryny bökdençsiz üpjün etmek meseleleri durdy. Bu barada milli gümrük gullugynyň metbugat bölümi habar berdi.
Maslahatlaşmalaryň esasy özenini türkmen-özbek serhedinde ýerleşýän «Farap awtoýollary» hem-de «Alat» gümrük nokatlarynyň ulag geçirijilik mümkinçiliklerini doly kuwwatynda peýdalanmak we üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrmak meseleleri düzdi. Häzirki wagtda bu goşa gözegçilik-geçiriş ýeri diňe bir iki döwletiň arasyndaky daşary söwda harytlaryny däl, eýsem «Gündogar-Günbatar» hem-de beýleki halkara ulag geçelgeleri boýunça üstaşyr ýük akymlaryny geçirmekde strategik ähmiýete eýedir.
Eýýäm geçirilen düýpli durky täzeleme işlerinden soň, türkmen tarapyndaky «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň ulag geçirijilik kuwwatynyň 2 esse artdyrylandygy bellenildi. Döwrebaplaşdyrylan düzüm arkaly bu nokat häzirki wagtda bir günde 1 000 birlik ýük awtoulagyny bökdençsiz geçirmäge doly mümkinçilik berýär.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar «Farap awtoýollary - Alat» gözegçilik-geçiriş ýerindäki gümrük nokatlarynyň işi bilen ýerinde tanyşmak hem-de amaly hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, serhetde göni bilelikdäki iş duşuşyklaryny geçirmek barada ylalaşdylar.