BAE-de paýtagtdan Al-Dannah sebitine uzaýan ilkinji demir ýol gatnawy ýola goýuldy

29.01.2024

Birleşen Arap Emirliklerinde «Etihad Rail» demir ýoly boýunça ilkinji ýolagçy gatnawy ýola goýuldy. Taryhy gatnaw BAE-niň paýtagtyny ýurduň günbatar bölegindäki Al-Dannah sebiti bilen birleşdirýär. Bu täzelik BAE-niň esasy ykdysady we senagat merkezleriniň, şol sanda Halifa portynyň we Halifa senagat zolagynynyň (Kizad) arasynda işjeň aragatnaşygy döretmek arkaly has ykjam elýeterliligi we syýahat amatlylygyny kämilleşdirmegi üpjün eder. Täze demirýol ulgamynyň sebitdäki ýol hereketinde döreýän dykyny ep-esli azaltmagyna garaşylýar. Bu ädim BAE-iň iň möhüm ugurlarynyň arasynda syýahat etmegiň çalt we amatly ugruny hödürläp, Emirlikleriň jemgyýetçilik ulag ulgamynda täze döwrüň başlanmagyna sebäp bolar. Ol sebitiň logistika mümkinçilikleriniň üstüni ýetirer. Täze demir ýol ulgamynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň şäherleriniň arasyndaky ýol üçin sarp edilýän wagtyň 30-40% azaldylmagyna kömek etmegine garaşylýar. Tizligi sagatda 200 kilometre çenli ýetýän döwrebap otly bir wagtyň özünde 400 ýolagçyny kabul etmek mümkinçiligine eýe bolup, ol Abu-Dabi bilen Dubaýyň arasyndaky syýahat wagtyny 50 minuta, Fujeýra şäherine çenli ýoly bolsa 100 minuta çenli azaldar. Munuň özi diňe bir şäherleriň arasyndaky syýahaty çaltlaşdyrman, eýsem, ekologiýa durnuklylygyny we syýahatçylygy ösdürmekde, ilatyň durmuş derejesini ep-esli ýokarlandyrmakda we sebitde ykdysady ösüş üçin täze mümkinçilikleri açmakda uly ähmiýete eýedir.