«Türkmenawtoulaglary» agentliginde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan maslahat geçirildi

30.01.2024

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahaty agentligiň «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işgärler bölüminiň baş hünärmeni Meýlis Hangeldiýew alyp bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy D.Hojamgulyýew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň Awtomobil ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň uly mugallymy Oguljan Aýnazarowanyň çykyşlary diňlenildi. Şeýle-de Magtymguly adyndaky TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň esasy hünärmeni H.Annageldiýew, Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy T.Hudaýberdiýewa hem-de şol kärhananyň buhgalteriýa hasabaty bölüminiň buhgalteri R.Babaýewa çykyş edip, türkmen halkynyň beýik akyldary hem şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň köptaraply ähmiýetine ünsi çekdiler. Bu ýerde çykyş edenler 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmeginiň beýik şahsyýetiň asyrlara uzap, nesillere ýol-ýörelge boljak eserlerine, döredijiligine hem-de gymmatly pikirlerine goýulýan belent sarpanyň nyşanyna öwrülendigini bellediler.