Gazagystan Türkmenistan bilen serhetdäki gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyryrar

02.02.2024

Gazagystanyň hökümeti Türkmenistan, Hytaý we Özbegistan bilen serhetlerindäki barlag nokatlaryny doly derejede döwrebaplaşdyrmaga başlaýar. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň maliýe ministriniň orunbasary Ýeržan Biržanowyň Respublikanyň Prezidentiniň ýanyndaky Merkezi kommunikasiýalar gullugynda geçirilen metbugat maslahatynda aýtdy. Bu çözgüt ýurduň üstaşyr geçiş mümkinçiliklerini ösdürmek we goňşy ýurtlar bilen söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak üçin kabul edildi. Döwrebaplaşdyrmak işi köne infrastrukturanyň ýykylmagy bilen baglylykda, täze barlag nokatlarynyň gurluşygyny öz içine alýar. Döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, Baş dolandyryş müdirliginde gümrük nokatlaryna gözegçiligi merkezleşdirmek meýilleşdirilip, gümrük gözegçiliginiň tehniki serişdelerini sanlaşdyrmak we awtomatlaşdyrmak boýunça hem işler alnyp barylýar. Bu ýerde alnyp baryljak işler barlag nokatlarynyň infrastrukturasyny gowulandyrar, amatly ýagdaýda serhetden geçmek we hökümet gözegçiliginiň ýokary hilli durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertler dörediler. Döwrebaplaşdyrmak işleriniň netijesinde ulag ýollary 2 hereket çyzgydyndan 6 ugurly çyzgyda çenli giňeldiler, geçiriş nokatlarynyň kuwwaty 8 esse artar, harytlaryň we ulaglaryň hereketiniň ähli bölegini awtomatlaşdyrmak arkaly serhetden geçmek işi 30 minuda çenli azaldylarar.