Türk kompaniýasy Aşgabatda 500 orunlyk köpugurly hassahanany gurar

09.10.2025

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijäret A.Ş.» türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji oktýabrda degişli Karara gol çekdi.

Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we köpugurly hassahanany 2029-njy ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.