BAE-niň ilçisi täzelenýän energetika, IT ulgamyndaky türkmen kompaniýalary bilen duşuşdy

22.05.2026

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Hameli sişenbe güni täzelenýän energetika we IT ulgamynda ýöriteleşen ýerli işewürler bilen aýratynlykda duşuşyklary geçirdi. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Täzelenýän energetika pudagynda iş alyp barýan “Täze energiýa” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen geçirilen gepleşikleriň çäklerinde taraplar “ýaşyl” energiýa ulgamyndaky taslamalara bilelikde gatnaşmagyň we öňdebaryjy energetika çözgütlerini ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem “Web Ulgam” IT kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen aýratynlykda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda intellektual mobil goşundylary we sanly hyzmatlary işläp taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi boýunça pikir alşyldy.

“Täze energiýa” kompaniýasy türkmen bazarynda 2015-nji ýyldan bäri iş alyp baryp, ol gün panelleriniň taslamalaryny düzmek we gurnamak işi bilen meşgullanýar. “Web Ulgam” IT kompaniýasy bolsa sanly çözgütler ulgamynda web-sahypalary döretmekden başlap mobil goşundylary işläp taýýarlamaga çenli hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýär.

источник: business.com.tm