09.11.2024
Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gündelik wezipelerine bagyşlanan sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi.
Hökümet mejlisiniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda hem Türkmenistanda we dünýä döwletlerinde köp sanly halkara çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, deputatlaryň halk köpçüligi bilen maslahatlaşyp, täze — 2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygyny aýtdy. Bu barada TDH habar berýär.