Biz barada

"Türkmendomen" hojalyk jemgyýeti 2014-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda "Türkmenistanyň milli utgaşdyryjy domen merkezi" ady bilen döredildi. 2021-nji ýylyň 3-nji martynda bu gurama gaýtadan hasaba alyndy. Onuň esaslandyryjylary “Altyn asyr” ÝGPJ., “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ. 2014-nji ýylyň fewral aýynyň 25-ne Türkmenistanyň Ykdysadyýet we Ösüş ministrliginiň Edara görnüşindäki taraplaryny döwlet tarapyndan hasaba almak müdirligi tarapyndan bellige alynýar we 15158305 sanaw belgisi bilen döwlet sanawyna girizilýär. 2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň 1-dan, “.TM” ýokary derejeli milli domeninde, üçünji derejeli GOV.TM, EDU.TM, MIL.TM, COM.TM, CO.TM, NET.TM. domenleri bellige almak hyzmatyny ýerine ýetirip başlady. Işimizde we mundan beýläki ösüşimizde uly üstünlikler gazanýarys. Milli bellige alyjy hökmünde guramamyzyň maksady «.TM» ýokarky derejeli milli domende domen atlaryny dolandyrmak we dolandyryş infrastrukturasyny tehniki taýdan goldamak hem-de milli domende domen atlaryny bellige almak boýunça işleri amala aşyrmak bolup durýar. Häzirki wagtda milli domenleriň bellige alynmagyna jogapkär "Türkmendomen" hojalyk jemgyýetiniň işgärleri, hödürleýän hyzmatlarymyzy çalt, gowy we has ygtybarly ulanmagyň ugrunda işleýärler. Ylmy jemgyýet tarapyndan internete çalt artýan gyzyklanmanyň çäginde we ýerli internet bileleşiginiň çalt ösmegi biziň ünsümizi çekdi. Şeýle hem ýerli internet bileleşiginiň gyzyklandyrmalaryny kanagatlandyrmak. Domen hasaba alyş prosesi, hyzmatlar üçin töleg, möhletler we beýleki hereketler bilen web sahypamyzda tanyşyp bilersiňiz.



Biz bilen habarlaşyň

Hojalyk Jemgyýetiniň ýuridiki adresi: (744036 ýa-da 744000) Türkmenistan, ş.Aşgabat, Oguzhan köçesi, jaý 217.

Telefon belgisi: +993 (12) 95-55-96

Faks belgisi: +993 (12) 95-55-94