13.11.2024
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri 2024-nji ýylyň her bir aýyny zähmet ýeňişlerine besleýärler. Şonuň netijesinde tebigy gazyň we gaz kondensatynyň öndürilişi artdyrylýar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe müdirlik boýunça tebigy gazyň 8 milliard 417 million kub metrden gowragy öndürildi. Munuň özi meýilnamada bellenilenden ep-esli artykdyr.
Şeýle-de bu ýerde gaz kondensatynyň 30,4 müň tonnadan gowragy öndürilip, meýilnama 103,7 göterim berjaý edildi. Şeýle üstünlik işleriň sazlaşykly guralmagy, guýularyň önüm berijiliginiň ýokarlandyrylmagy arkaly gazanylýar diýlip, habarda bellenilýär.