14.11.2024
13-nji noýabrda Aşgabatda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal öz işine başlady. Bu halkara çäre türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýär. Onuň maksady kinematografiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, halkara kinofestiwala türki döwletler bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasyndan hem meşhur kino hünärmenleri, aktýorlar we bilermenler gatnaşýarlar. Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary, türki döwletleriň aktýorlary, režissýorlary, kinematografiýa işgärleri gatnaşdylar.
Asylly däbe görä, hormatly myhmanlar gyzyl haly ýodajygyndan ýöräp geçdiler. Bu ýere ýygnananlar çeper we dokumental filmleriň bäsleşiginiň eminlerini şowhunly el çarpyşmalar bilen mübäreklediler. Soňra Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan, Tywa, Çuwaş Respublikalarynyň, Moldowanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň wekiliýet agzalary gyzyl haly ýodajygyndan geçdiler.
Mukamlar köşgüniň baýramçylyk äheňinde bezelen eýwanynda türkmen kinematografiýasynyň taryhyndan söz açýan sergi hem guraldy. Bagşy-sazandalar türkmen halk aýdymlaryny we sazlaryny ýerine ýetirdiler.
Kinofestiwal Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň we türkmen tans toparlarynyň ýerine ýetirmeklerinde «Türkmen dünýäsi» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy.
Soňra «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler.
TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew hem gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol bu festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallygyny beýan etdi.
Dabara Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan taýýarlanan «Gorkut ata» atly wideoroligiň görkezilmegi bilen dowam etdi.
Milli lybasly oglan «Durna» heýkeljigini getirdi. Türkmenistan şu ýyl bu göçme nyşany Gazagystana geçirýär.
Soňra myhmanlar çeper we dokumental filmlere baha berýän eminler toparlary bilen tanyşdyryldy.
«Meňli» we «Aşgabat döredijilik toparlarynyň çykyşy milli däp-dessurlary wagyz edýän aýdym-sazlar bilen utgaşyp, nesilleriň dowamatlylygyny alamatlandyrdy. Türkmen kinofilmlerindäki aýdymlar kino sungatynyň bu giň gerimli çäresine baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Soňra «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwala gatnaşýan çeper, dokumental filmler bilen tanyşdyrýan gysga görnüşli wideorolikleriň görkezilişi boldy. Kinofestiwala gatnaşyjylar Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň surata düşüren filmleri barada gysgaça maglumat berýän wideoşekillere-de tomaşa etdiler. Tomaşaçylar umumadamzat medeni-mirasynyň bölegi bolan küştdepdi tansyny ýerine ýetiren «Miras» folklor toparynyň çykyşyny şowhunly elçarpyşmalar bilen garşyladylar.
Kinofestiwalyň birinji güni türkmen sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary bilen tamamlandy.