18.11.2024
Hökümetiň 15-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy hem-de şu ýylyň maýynda kabul edilen degişli Kararyň esasynda işlenip taýýarlanyldy. Ýurduň bu baş maliýe resminamasy giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmäge we milli ykdysadyýetiň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir. Makroykdysady durnuklylygy saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny, sebitleri mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmek geljek ýylyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberini ýokarlandyrmagyň göz öňünde tutulandygyny belledi. Geljek ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň ugurlaryna jemi 40,1 milliard manat möçberinde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli resminama gol çekdi hem-de Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberilýändigini aýtdy. Bu barada TDH ýazýar.