21.11.2024
Türkmenistanly talyp gyz Şagül Bakyýewa 15-nji noýabrda Wenžou şäheriniň Lukmançylyk uniwersitetinde (WMU) geçirilen 2024-nji ýylyň Ýaş alymlarynyň bütindünýä sammitiniň (WYSS) esasy wekilleriniň biri hökmünde gatnaşdy. Ýaş alym uniwersitetiň daşary ýurtly talyplaryna wekilçilik edip, Nobel baýragynyň eýesiniň şahsy ykrar etmegine we hormatyna mynasyp boldy.
«Şagül – bütin dünýäniň medeniýetlerini we ylmyny birleşdirýän Ýaş alymlaryň bütindünýä sammitiniň ruhuna ajaýyp mysaldyr. Ol gowy okuw görkezijileri we öz kärine bolan söýgüsi bilen, Wenžou şäheriniň Lukmançylyk uniwersitetine bolan ýakynlygyny we öz watany – Türkmenistana bolan buýsanjyny işjeň paýlaşýar» – diýip, Nobel baýragynyň eýesi Mişel Hartmunt talyplar bilen duşuşandan soň belläp geçdi.
Sammitiň çäklerinde türkmenistanly talyp gyz öz bile okaýan talyplary üçin Mişel Hartmunt bilen duşuşyk gurady. Onuň dowamynda lukmançylygyň ösüşiniň geljegi hakda we ýaş zehinleri goldamak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, uniwersitetiň prezidenti, akademik Li Sýaokun fibroblastlaryň ösüş faktorlary ulgamy boýunça geçiren barlaglary hakynda öz ýazan kitabyny Şagüle sowgat gowşurdy.
«Wenžou şäheriniň Lukmançylyk uniwersiteti maňa köp zat berdi: bilim, ylham, dürli mümkinçilikleri. Men bu gymmatlyklara mynasyp bolandygyma diýseň buýsanýaryn, şol bir wagtyň özünde-de öz köklerime wepaly bolup galýaryn» – diýip, Şagül Bakyýewa Türkmenistanda lukmançylyk ylmynyň ösmegi üçin halkara bilimiň wajyp ähmiýetini nygtap, öz pikirleri bilen paýlaşdy.
Dünýäniň dürli künjeklerinden görnükli akademikleri we geljege umytly bolan ýaş alymlary bir ýere jemlän sammit halkara ylmy hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we dürli ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleriniň arasynda tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.