Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýylda degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek baradaky Karara gol çekdi

23.11.2024

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine, «Türkmenpagta» döwlet konsernine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine:

— ýerleriň kärendeçileriniň, peýdalanyjylarynyň we eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek;

— gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä, Oba hojalyk ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda ýerleşdirmek tabşyryldy.

Pagta öndürijiler bilen şertnama baglaşmak esasynda, olary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, amatly möhletlerde:

— «Türkmenpagta» döwlet konsernine gowaça ekiljek meýdanlary ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik möçberi bilen;

— «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigine ýerleri ekişe taýýarlamak, gowaça ekmek, oňa ideg etmek we pagta ýygmak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen;

— Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine degişli suwaryş suwy bilen;

— «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine dökünleriň degişli möçberi bilen üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen kabul edildi.