Türkmenistanly mugallymlaryň 100-si SCAFFOLD atly okuw usullary boýunça maslahata gatnaşdy

25.11.2024

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynda ýurduň ýokary, orta we başlangyç hünär okuw hem-de orta mekdeplerinden mugallymlaryň 100-siniň gatnaşmagynda SCAFFOLD atly okuw usullary boýunça okuw maslahaty geçirildi. 23-nji noýabrda bolan çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti tarapyndan Ýewropa bilim gaznasynyň (ETF) «Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket» (DARYA) atky sebitleýin taslamasynyň çäginde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.

Okuw maslahaty şu ýylyň 18 — 24-nji noýabr aralygynda Ýewropa bilim gaznasynyň (EFO) Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy K.I.Hemşmaýeriň we DARYA taslamasynyň SCAFFOLD usulyýeti toparynyň agzasy, halkara hünärmen R.Turaýewa-Hýoneniň Türkmenistana saparynyň çäginde alnyp baryldy. Şeýle-de bu çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň hünärmenleri gatnaşdy.

Habarda bellenilişi ýaly, SCAFFOLD usulyýeti 102 sany ýörite kartlar bilen işlemegi öz içine alýar we mugallymlara meýilnamalaşdyryş işinden baha beriş işine çenli bilim çärelerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu usulyýet mugallymlara öz ukyp-başarnyklaryny zerur okuw we ösüş usullary bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär, şeýle hem möhüm başarnyklaryň ähmiýetini nygtaýar. Usulyýet ýaşyl, sanly, durmuş, telekeçilik bilen baglanyşykly başarnyklar bilen işlemegi öz içine alýar.

SCAFFOLD okuw prosesini guramaga we okuwçylaryň gazananlaryna baha bermäge kömek edýän maslahatlaryň kömegi bilen okuw sapaklarynyň mazmunyny her bir başarnykda zerur bilimler bilen birleşdirmäge mümkinçilik berýär.