Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär

27.11.2024

26-njy noýabrda paýtagtymyzda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara ähmiýetli iri ulag çatrygy hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Türkmenistan bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirip, sebit hem yklymüsti döwrebap ulag düzüminiň kemala getirilmegine goşant goşýar.

Söwda-senagat edarasynda geçirilýän halkara foruma dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekil gatnaşýar. Şolaryň hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Şeýle-de myhmanlaryň arasynda «Fly Dubai», “Cargo Lux”, “Lufthansa Consulting” ýaly halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Halkara howa ulaglary assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň (OSJD) we beýlekileriň wekilleri bar. Şeýle hem foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Ulaglaryň özara baglanyşygyny ýokarlandyrmak, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek, durnukly, inklýuziw ulag ulgamlary boýunça netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak, “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly geçiş, ekologik taýdan arassa logistikany goldamak we durnukly ulag barada jemgyýetçiligiň habarlylygyny artdyrmak bu iri halkara çäräniň esasy maksady bolup durýar.

Myhmanlar aýdym-sazly çykyşlar bilen mähirli garşylanyldy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenilýär. 2023-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. “Bu halkara forumyň geçirilmegi durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge mümkinçilik berip, Türkmenistanyň halkara üstaşyr ulag ulgamlaryndaky ähmiýetini aýdyň görkezer. Türkmenistanyň Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ulag geçelgelerindäki ornuny, multimodal ýük geçirijilik boýunça innowasion mümkinçiliklerini dünýä ýaýmaga giň şert döreder. Häzirki döwürde ulag ulgamyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak babatda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary bu ugurda tagallalary birleşdirmäge ýardam edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu ugra gönükdirilen sebit, yklym hem-de ählumumy derejedäki başlangyçlary Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde üstaşyr ulag, logistika ulgamlarynyň döredilmeginde möhüm orny eýeledi” diýlip, Gutlagda nygtalýar.

Interaktiw sergide ulag-aragatnaşyk pudagynda gazanylanlar, netijeli we ekologik taýdan arassa logistika üçin çözgütler, döwrebap ulag ulgamlarynyň we enjamlarynyň ähli görnüşleri, ýük, ýolagçy daşamak boýunça hyzmatlar, dolandyryş ulgamlary, ulag we logistika üçin maglumat hem hyzmat ulgamlary görkezilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen binýat bolan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri bilen tanyşdyrýan bölüm sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary, häzirki zaman tejribesini ornaşdyrmak, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, aragatnaşyk düzümlerini döwrebaplaşdyrmak işine möhüm ähmiýet berilýär. “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmenaragatnaşyk” agentlikleriniň pawilýonlarynda bu ugurda gazanylýan üstünlikler giňişleýin beýan edilýär.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu çäreleriň ählisi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara kommunikasiýa düzümine işjeň goşulyşmagyna, Türkmenistanda multimodal gatnawlaryň sebit boýunça utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkezleriň döredilmegine gönükdirilendir. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly, Amyderýanyň üstünden geçýän döwrebap demir ýol we awtomobil köprüleri, Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly ýurdumyzyň ägirt uly üstaşyr ulag mümkinçiliklerine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň ulanmaga berilmegi, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegi bu ulgamy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýedigini görkezýär.

Ýurdumyzda howa gämileri yzygiderli satyn alynýar. Halkara howa menzilleriniň ulgamy giňeldilýär. Şolaryň hatarynda geçirijilik mümkinçiligi sagatda 1 müň 600 ýolagça deň bolan paýtagtymyzyň Halkara howa menzilini, Türkmenabat we Kerki şäherleriniň Halkara howa menzillerini görkezmek bolar. Halkara howa gatnawlarynyň işjeňleşdirilmegi üçinem zerur şertler döredilýär. Dürli ýurtlar bilen täze howa gatnawlary ýola goýulýar. Munuň özi milli awiasiýa pudagynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň pugtalanmagyna goşýan goşandyny artdyrýar. Türkmenistan Hazar deňzindäki gatnawlara işjeň goşulyşmak bilen, bu ugurdaky mümkinçiligini doly derejede durmuşa geçirmegi maksat edinýär. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurulmagy milli deňiz flotuny giňeltmäge, ýük akymlarynyň we üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmaga, daşary ýurt gämileri üçin hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga şertleri döretdi. Ýurdumyz daşary ýurtlardan gämileri satyn almak bilen çäklenmän, eýsem, olary gurmaga hem girişdi. Sergide milli gämigurluşyk pudagyny ösdürmek üçin esasy binýat bolup durýan “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynyň önümçilik ulgamynyň tehnologik ugurlarynyň görkezilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Ýurdumyzda awtomobil ýollarynyň gurluşygyna-da möhüm ähmiýet berilýär. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Şu ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi ulanmaga berildi. Şeýle hem sergide “Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasy” hojalyk jemgyýetiniň, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary görkezilýär.

Şeýlelikde, Türkmenistan häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ulgamy bolan ulag-kommunikasiýa ugry boýunça halkara gatnaşyklaryň giňeldilmegine ägirt uly goşant goşýar.

Günüň ikinji ýarymynda halkara maslahatyň işi plenar mejlis bilen dowam etdi. Onda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ugurdaş düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Mejlisde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, teklipler we bar bolan mümkinçilikler, durnuklylygy üpjün etmegiň şertleri beýan edildi. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk pudagynyň işini kämilleşdirmäge, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» möhüm ähmiýete eýedir. Milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamanyň çäklerinde ulag ulgamynda giň strategik maksatlar we çäreleriň toplumy amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda logistikany ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ulag-aragatnaşyk strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag hem-de logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň gatnaşmagynda dünýä üstaşyr ulag gatnawlary bilen baglanyşykly köp işler amala aşyrylýar. Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça hereket edýän halkara ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek hakynda Eýranyň, Omanyň, Kataryň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşyk (Aşgabat Ylalaşygy), Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol geçelgesi, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) çäklerinde Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal gatnawlary guramak we kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Häzirki döwürde milli deňiz portunyň mümkinçiliklerini giňeltmek, gämi gurluşygyny ösdürmek, awtobanlary, demir ýol köprülerini, howa menzillerini gurmak, üstaşyr ulag mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça birnäçe taslamalar amala aşyrylýar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bu gün multimodal ulag-aragatnaşyk ulgamyny, şol sanda demir ýollar, awtoulag, deňiz ýollary, portlar ýaly üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek we goldamak üçin döwlet bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny has-da jebisleşdirmegiň, bu ugra maýa goýumlary çekmegiň möhümdiginden ugur alyp, bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň döredilmegine aýratyn üns berýär.

Ulag pudagynda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy berkitmek hem şu günüň wajyp wezipesidir. Bu işleriň barşynda ýurdumyz howa ulaglary pudagynda Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO), Howa ulagynyň halkara assosiasiýasy (IATA) we Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça agentligi (EASA), awtomobil ulaglary pudagynda Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU), demir ýol ulaglary pudagynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy (OSJD), deňiz we derýa ulaglary pudagynda Halkara Deňiz Guramasy (IMO) bilen hyzmatdaşlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýöriteleşdirilen okuwlary guramak, halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak, üpjünçilik ulgamlaryny netijeli ulanmak, döwrebaplaşdyrmak we halkara hukuk resminamalaryny taýýarlamak boýunça işler giň gerimde alnyp barylýar.

Içerki ulag pudagyny kämilleşdirmek, halkara ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulyşmak, üstaşyr ýük daşamalardaky hereketleri işjeňleşdirmek milli ykdysadyýeti has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden bu meseleleri diňe bir milli ýa-da sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä derejesinde hem üns berilmeli meseleler hökmünde öňe sürýär.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalary kabul etdi. Bu möhüm resminamalar Türkmenistanda ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň halkara derejede goldanylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto çykyşynda durnukly ulag arabaglanyşygyna bagyşlanan şu günki möhüm maslahata gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny we ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Üstaşyr ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy işewür toparlary bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň ýokary derejesi Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalary artdyrýar diýip, Umberto de Pretto belledi we Türkmenistanda bu ugurda gazanylýan üstünlikleriň türkmen ulag operatorlaryna halkara bazarlara çykmaga, olaryň işini ilerletmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç sanly ulgam arkaly çykyşynda forumy guraýandygy we çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek baradaky Kararnamasynyň ähmiýetini belledi. Şu ýyl Türkmenistanyň Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasyna agza bolmagyna 30 ýyl dolýandygyny aýtmak gerek. Bu şanly sene Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň jogapkär wekilleriniň şu ýylyň aprelinde Aşgabatda geçirilen 38-nji mejlisine gabat geldi. Hyzmatdaşlyk döwründe biz Ýewraziýa yklymynda birnäçe başlangyçlary amala aşyrdyk we bu başlangyçlary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşandygy üçin Türkmenistana hoşallyk bildirmek isleýärin. Şu günki maslahat BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary bilen berk baglanyşyklydyr diýip, M.Antonowiç belledi.

Çykyş edenler şu gezekki forumyň durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam berjekdigine, Türkmenistanyň halkara üstaşyr ulag ulgamlaryndaky ähmiýetini giňden görkezjekdigine ynam bildirdiler. Soňra forum “Ulag-üstaşyr geçelgeleri we intermodal baglanyşyk”, “Durnukly ulag ulgamlaryny maliýeleşdirmek” atly bölümçelerde dowam etdi.

Forumyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň “Hemmeler üçin howpsuz ýollar” atly ýol howpsuzlygy boýunça çäresi hem geçirildi. Çäräniň dowamynda bellenilişi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we döwrebap infrastrukturanyň döredilmegine saldamly goşant goşýar. Döwrebap ulag düzümleri ählumumy durnukly ösüşiň, ykdysady taýdan ýakynlaşmagyň we ýükleri awtoulaglar arkaly howpsuz daşamagyň möhüm şerti bolup durýar. Türkmenistan awtoulaglar arkaly halkara ýük daşamalara ýardam bermek hem-de milli, sebit we ählumumy derejede ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, birnäçe halkara konwensiýalara goşuldy we awtomobil ulagy, ýol hojalygy ulgamyndaky kanunçylyk binýadyny bu konwensiýalara laýyklykda kämilleşdirdi.

Türkmenistan ulag ulgamyny işjeň ösdürmegi dowam edýär. Munuň özi awtomobil ýollary infrastrukturasyna hem degişlidir. Utgaşdyrylan sebit we sebitara logistika ulgamyny, Merkezi Aziýany we Ýewropany, Hazar deňzi, Gara deňiz we Baltika deňzi sebitlerini, Orta hem Ýakyn Gündogary birleşdirýän döwletara üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler adamlaryň howpsuzlygy we abadançylygy baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine şaýatlyk edýär.

Forum öz işini 27-nji noýabrda tamamlar.