27.11.2024
26-njy noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň oktýabrynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda geçirilýän bu çäräniň maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň we milli innowasiýa ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada gazanylan ylalaşygy ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.
Bu möhüm çärä gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary hanym Lin Sin, şeýle-de dostlukly ýurduň ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylaryndan, ylmy işgärlerinden, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybarat wekiliýet Aşgabada geldi.
Düýn hytaý wekiliýetiniň agzalary Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň ikinji mejlisine gatnaşdylar. Onuň dowamynda bilelikde alnyp barlan işleriň netijeleri, iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň çäklerinde taraplar soňky ýyllarda okgunly ösdürilýän we strategik hyzmatdaşlyk derejesine eýe bolan döwletara dialogyň däp bolan dostluga, ynanyşmaga esaslanýan häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezini döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylan esasy mowzuklaryň biri boldy. Bu teklip Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hubeý welaýatynyň Halkara ylmy-tehniki alyşmalar merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bilen berkidildi.
Iki ýurduň ylmy toparlarynyň wekilleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek boýunça pikir alyşmalar indi üçünji gezek geçirilýän türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň çäklerinde dowam etdi. Onuň öňüsyrasynda innowasion tehnologiýalaryň sergisi guraldy. Sergi köp sanly daşary ýurtly myhmanlara ylym-bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegine, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryna innowasiýalaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berýän Türkmenistanyň ýokary ösüş derejesi bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi.
Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda häzirki wagtda ylmyň çalt depginler bilen ösmeginiň täze innowasion ugurlaryň ýüze çykmagyna, ylmy barlaglaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine mümkinçilik berýändigi aýdylýar. «Biz ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän senagat öwrülişiginiň täze tapgyrynda halkara ähmiýetli maksatnamalary, iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny berkidýäris, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär. Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, Arkadagly Gahryman Serdarymyz biziň ýurtlarymyzyň ykdysady, medeni, tebigy kuwwatyny ählumumy ösüşiň, parahatçylygyň, abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirmegi maksat edinýändigini aýtdy hem-de forumyň işine üstünlikleri arzuw etdi.
Çykyş edenler düýpli we amaly ylmyň ösdürilmeginiň, halkara ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny öwrenmegiň, önümçilige innowasion tehnologiýalaryň, geljegi uly işläp taýýarlamalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň islendik döwletiň gülläp ösüşiniň esasyny düzýändigini, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini, senagat taýdan ösüş we oba hojalygy üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny, geljegiň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetini emele getirýändigini nygtadylar. Türkmenistan ylym-bilim ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri nusgalyk derejä ýetirdi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, häzirki wagtda bilim, ylym, önümçilik ulgamlarynyň arasynda ýakyn özara baglanyşyk üpjün edilýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň döredilmegi we soňra oňa halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk derejesiniň berilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň iýunynda gol çeken Karary bilen berkidilen bu çözgüt ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion taslamalara işjeň gatnaşmagyny gazanmak, innowasion önümleriň önümçiligini guramak maksady bilen kabul edildi. Şu günki giň gerimli forumyň geçiriljek ýeri hökmünde döwletimizde zehin we ylmy-tehniki mümkinçilikleri ösdürmegiň esasy merkezleriniň biri bolan, soňky ýyllarda öňdebaryjy pikirleri, teklipleri alyşmak üçin netijeli meýdança öwrülen Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň saýlanyp alynmagy hem aýratyn ähmiýete eýedir.
Beýan edilen ylmy çykyşlar dürli ugurlary ösdürmegiň nazary we amaly taraplaryny, Türkmenistanda we Hytaýda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň möhüm ugurlaryny, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ykdysady taýdan netijeli ýokary tehnologiýalary döretmegiň, önümçilige ylmy çözgütleri işjeň ornaşdyrmagyň meselelerini öz içine aldy. Türkmen we hytaý alymlarynyň arasynda özara gatnaşyklary ýola goýmak, ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde geljekki bilelikdäki ylmy işler üçin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ylmy we tehnologik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, işgärleri taýýarlamak, ylmy-tehnologik innowasiýalar pudagynda gazanylan üstünlikleri baýlaşdyrmak döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ylmy-barlag institutlary we ýokary okuw mekdepleri ylmy alyşmalary ösdürýär hem-de Hytaýyň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlygyň taslamalarynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýar. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga, iki ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam edýär. Forumyň wekilleri şähergurluşyk ulgamynda innowasion konsepsiýalar baradaky çykyşlara aýratyn gyzyklanma bildirdiler. Umumy pikire görä, iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryna esaslanýan ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi — sebitde we ýurtda ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy yzygiderli durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň aýdyň nyşany bolup durýar. Binagärlik we tehnologik çözgütler babatda bu täsin “akylly” şäheri döretmek baradaky başlangyç ýokary derejede ösen döwlet hökmünde ýurduň öz geljegine uly ynam bilen garaýandygyna şaýatlyk edýär.
Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäheriň aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri sanly ulgamy hem-de ýokary tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga uly üns berýän Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady taýdan kuwwatly döwletdiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, “akylly” şäheriň gurulmagy we onuň sanly binýadynyň işlenip taýýarlanylmagy ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr mugallymlar, professorlar düzümi üçin nazary bilimleri hem-de täzeçil pikirleri iş ýüzünde ulanmagyň özboluşly mekdebi boldy.
Ýygnananlar ylmy kuwwatyň milli gazananlaryň aýrylmaz bölegidigini, döwletiň kuwwatynyň we berkararlygynyň, onuň dünýädäki abraýynyň belende galmagynyň esasydygyny nygtap, Türkmenistanyň ýokary hünärli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, gözýetimini, ylmy dünýägaraýşyny giňeltmäge berýän ünsüne ýokary baha berdiler. Döwrebap agrotehnologiýalar, gidromineral çig mal we beýleki tebigy serişdeleri toplumlaýyn özleşdirmek, genetika, seçgiçilik ulgamynda gazanylan üstünlikler, innowasion tehnologiýalary senagat önümçiliklerine ornaşdyrmak, ekologik meseleleri çözmegiň, dürli keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň netijeli usullary forumyň gün tertibine girizilen möhüm meseleler boldy.
Ýygnananlar şu ylmy-innowasion forumyň ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, umuman, türkmen-hytaý dialogyny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyza ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine ylmy hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ertir «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işini dowam eder. Onuň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Olarda ylmy edaralaryň hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
“Himiki tehnologiýalar, tebigy çig mallary gaýtadan işlemekde innowasion tehnologiýalar”, “Nanotehnologiýalar, täze materiallary işläp taýýarlamak we öndürmek”, “Biotehnologiýalar, oba hojalygynda innowasion tehnologiýalar”, “Seýsmologiýa”, “Maglumat we telekommunikasiýa ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary”, “Energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri”, “Lukmançylykda we farmakologiýada ýokary tehnologiýalar”, “Ynsanperwer ylymlar” ýaly mowzuklar boýunça pikir alşylar. Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.