Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

27.11.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy saparynyň barşynda bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalar üçin kesgitlenen ýer bölekleri, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa bolsa häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan giň möçberli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri barada hasabat berdi. Şeýle-de Arkadag şäherinde ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň, Bitaraplyk baýramynyň we Täze ýylyň hormatyna guraljak dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görülýändigi barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň durmuş üpjünçiligi meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Şeýle hem bu ýerde şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralaryň şatlykly pursatlara we ýatda galyjy wakalara beslenmelidigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideribaýramçylyklar mynasybetli bagtyýar türkmenistanlylaryň Arkadag şäherinden jaý almak bagtyna eýe bolmaklary baradaky işleri ýokary derejede guramalydygyny aýtdy hem-de öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.