Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň Aksakgallar Geňeşiniň öz habar beriş serişdesini döretmek başlangyjyny öňe sürdi

01.12.2024

Wengriýa iş saparyny amala aşyryp, Budapeştde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisine Geňeşiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde gatnaşan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň barşynda çykyş etdi.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda birnäçe teklipleri öňe sürdi. Şolaryň biri hem TDG-niň Aksakgallar Geňeşiniň öz ýörite habar beriş serişdesini döretmek baradaky teklipdir.

"Şu günki günüň siwilizasiýasyny ýaş nesillere geçirmegi möhüm mesele hökmünde görýärin. Şunuň bilen baglylykda, Geňeşimiziň gazetini ýa-da žurnalyny, internet saýtyny döretmegi teklip edýärin.

Men sözümiň şu ýerinde «Zaman» gazeti barada bellemek isleýärin. Biz bu gazeti 1991-nji ýylda türk doganlarymyz bilen bilelikde Türkmenistanda çap edip başladyk. Gazet ýurdumyzda häzirki güne çenli çap edilip gelinýär" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda aýtdy.