02.12.2024
29-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisiň barşynda çykyş etdi. "Türkmenistan" gazetinde çap edilen çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri şeýle belleýär:
"Hormatly geňeşiň agzalary we mejlise gatnaşyjylar!
Bildirilen myhmansöýerlik hem-de işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma hem-de geňeşiň agzasy Atilla Tilkä minnetdarlygymy bildirýärin. Aksakgallar geňeşiniň abraýynyň ýylsaýyn artmagynda geňeşiň başlygy Binali Ýyldyrymyň uly goşandyny bellemek isleýärin.
Şu gün biz ýurtlarymyzyň Liderleriniň öňe sürýän wajyp meselelerinden ugur alyp, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygymyzy ara alyp maslahatlaşýarys. Türki dilli döwletleriň Baştutanlary hemişe möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýärler. Şundan ugur alyp, biz hem bilelikde halk diplomatiýasyny öňe sürmelidiris. Bu diplomatiýanyň özeninde abadançylyk, parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri durýar. Iň esasysy bolsa, parahatçylyk filosofiýasyny ilerledip, ýurtlarymyzyň Liderleriniň bu syýasatyny durmuşa geçirmelidiris.
Bilşiňiz ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdelerine baý ýurtdur. Bu ugurda hyzmatdaşlygymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen alyp barmagy dowam etdireris. Bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin geňeşiň agzalary bolup döwlet Baştutanlarymyza anyk teklipler bilen ýüzlensek we şol teklipleri durmuşa geçirsek maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn. Söwda-ykdysady ugurda entek ulanylmadyk mümkinçiliklerimiz bar. Bu mümkinçilikleriň amala aşyrylmagynda-da geňeşiň agzalary uly orny eýelemelidirler.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, ýazyjy-şahyrlarymyzyň edebi mirasy, milli aýdym-saz sungatymyz şu güne çenli bizi has-da ýakynlaşdyryp gelýär. Biz pursatdan peýdalanyp, geňeşiň ähli agzalaryna hem-de doganlarymyza bu ugurdaky gatnaşyklara ýardam berýändikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris.
Bilşiňiz ýaly, Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi şu ýylyň martynda Aşgabatda geçirildi. Bu mejlis Oraza aýyna gabat geldi. Biz bilelikde, bir saçagyň başynda ýagşy işleriň rowaç bolmagyny dileg etdik. Görşüňiz ýaly, şu ýylyň dowamynda hem gowy netijeleri gazandyk.
Hormatly geňeşiň agzalary!
Siziň ak pataňyz bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belläp geçdik. Siziň goldamagyňyz esasynda şu ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Änew şäheri bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Taryha ser salsak, Änew Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ösen şäherleriň biri bolupdyr. Bu şanly wakalar mynasybetli türki döwletleriň gatnaşmagynda birnäçe halkara çäreler ýokary derejede geçirildi. Munuň üçin size minnetdarlygymy bildirýärin. Biz bu hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de dowam etdirmelidiris.
Hormatly geňeşiň agzalary!
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu başlangyjy türki dünýäniň ýurtlary ilkinjileriň hatarynda goldadylar. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi.
Geljek ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýar. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi ýylda iki gezek geçirilýär. Halkymyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Eger-de siz goldasaňyz, geňeşiň geljek ýyldaky soňky mejlisini ýurdumyzyň Bitaraplygynyň ýubileýine gabatlap, Aşgabatda geçirmegi teklip edýärin. Munuň özi Türkmenistan üçin hormatyň nyşany bolar.
Halkymyzda Muhammet pygamberiň ýaşyna — 63 ýaşa ýeten adamlar “hormatly ýaşuly” diýlip atlandyrylýar. Şoňa görä-de, geljekde geňeşimizi “Ýaşulular geňeşi” diýip atlandyrmagy hem-de şu nukdaýnazardan ugur alyp, bu düzümiň “Hormatly il ýaşulusy” diýen sylagyny we onuň nyşanyny döretmegi teklip edýärin. Şunuň bilen birlikde, geňeşiň başlygy Binali Ýyldyrymyň alyp barýan netijeli işlerini bellemek isleýärin. Biziň geňeşimiz halkara derejedäki gurama diýlip ykrar edilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.
Şu günki günüň siwilizasiýasyny ýaş nesillere geçirmegi möhüm mesele hökmünde görýärin. Şunuň bilen baglylykda, geňeşimiziň gazetini ýa-da žurnalyny, internet saýtyny döretmegi teklip edýärin. Men sözümiň şu ýerinde “Zaman” gazeti barada nygtamak isleýärin. Biz bu gazeti Türkmenistanda Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan türk doganlarymyz bilen bilelikde çap edip başladyk. Gazet ýurdumyzda häzirki güne çenli çap edilip gelinýär.
Men çykyşymyň dowamynda Magtymguly Pyragy barada belläp geçdim. Biz ýaňy-ýakynda akyldar şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumyny gurduk. Bu seýilgähde türki dünýäniň ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri hem oturdyldy. Şolaryň hatarynda türk halkynyň söz ussady Ýunus Emräniň, özbek şahyry Alyşir Nowaýynyň, gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň, wenger halkynyň milli şahyry Şandor Petefiniň heýkelleri bar. Şunuň bilen birlikde, Aşgabatda gazak halkynyň filosof şahyry Abaý Kunanbaýewiň hem heýkeliniň oturdylandygyny bellemek isleýärin. Munuň özi halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň nyşanydyr.
Türki dilli ýurtlaryň elipbiý meselesi barada aýdylanda bolsa, bilşiňiz ýaly, Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap häzirki elipbiýini döwlet dolandyryş işinde, gündelik durmuşda we döwlet dilinde hem ulanyp gelýär.
Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň, onuň Aksakgallar geňeşiniň hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň öňe sürýän başlangyçlaryny hemişe goldajakdygyna ynandyrmak isleýärin. Siziň ähliňize alyp barýan işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin".