Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

04.12.2024

3-nji dekabrda Türkmenistanyň DIM-inde Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň ilçisi Federiko Faillanyň ýolbaşçylygyndaky Italiýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Italiýanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň torlaryny döretmek boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny ara alnyp maslahatlaşmak girizildi.

Bu resminamanyň işlenip düzülmegi bilen bagly mesele daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan şu ýylyň 29-njy maýynda Rimde geçirilen «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatynyň üçünji Ministrler maslahatynyň çäklerinde ylalaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar resminamanyň ýurtlaryň arasyndaky energetika, ulag, oba we suw hojalygy, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy öz içine aljakdygyny bellediler.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar özara bähbitli gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.