Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

07.02.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany dostlukly ýurduň ýolbaşçysy bilen gadyrly salamlaşyp, türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrosentralynda bolup geçen hadysa baradaky habara duýgudaşlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Gyrgyzystanda bolan hadysa zerarly dostlukly ýurda ynsanperwerlik ýüküni ugratdy we zerur bolan ýagdaýynda ähli kömegi bermäge taýýardyr. Prezident Serdar Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, doganlyk ýurda çylşyrymly ýagdaýy ýeňip geçmekde goldaw beriji sözlerini aýtdy we ýylylyk elektrosentralyndaky dikeldiş işleriniň tiz wagtda tamamlanmagyny arzuw etdi.

Prezident Sadyr Žaparow gyrgyz halkynyň adyndan we öz adyndan bu çylşyrymly pursatda duýgudaşlyk sözleri üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi. Gyrgyzystanyň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, goňşy döwlete ilkinjileriň hatarynda kömek beren Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara onuň ýurdunda ýokary baha berýärler.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi hem-de berlen goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara düşünişmegiň we açyklygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýandygy bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Sadyr Žaparow birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik gyrgyz tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.