06.12.2024
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilige hem-de hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
TDH-nyň habar berşi ýaly söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurduň Prezidentine şu gezekki telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň beýany bolup durýandygyny belledi.
Doganlyk döwletiň Baştutany hoşniýetli sözler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Özbegistanda Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine buýsanylýandygyny hem-de dostlukly gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini aýtdy.
Şunuň bilen birlikde, Prezident Şawkat Mirziýoýew Gahryman Arkadagyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar açyklygy, özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, halkara düzümleriň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we goldaw bermek, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda Özbegistan Respublikasyna tebigy gazyny iberýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri we doganlyk goňşy döwletiň Baştutany gaz ulgamyndaky bilelikdäki işiň ýokary netijeliligini we uzakmöhletleýin häsiýetini bellediler hem-de türkmen tebigy gazynyň Özbegistana iberilýän möçberini artyrmak barada ylalaşdylar. Şeýle hem ýakyn wagtda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bu ugurdaky bilelikdäki taslamalaryň uly mümkinçilikleri nygtaldy.
Gahryman Arkadagymyz we Prezident Şawkat Mirziýoýew suw hojalygy ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alyşdylar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýada suw meselelerini çözmekde Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Hususan-da, sebitde suw meseleleri: birinjiden, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda; ikinjiden, suw serişdelerine erkin we adalatly elýeterliligiň halkara ýörelgeleri esasynda sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitleri nazara alnyp çözülmelidir we üçünjiden, bu meselä halkara guramalaryny, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasyny giňden çekmek arkaly seredilmelidir.
Dostlukly döwletiň Prezidenti şeýle çemeleşmäni berk goldady we suw meselelerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň garaýyşlarynyň doly gabat gelýändigini tassyklady hem-de bu meselede Özbegistanyň türkmen tarapy bilen ikitaraplaýyn esasda şeýle hem halkara düzümleriň çäklerinde mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda medeni-ynsanperwer ulgamda hem netijeli özara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini bellenildi.
Şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň Prezidenti hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa özbek-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we ösdürmekde öňe sürülýän teklipleri goldaýandygy üçin ýene bir gezek çuňňur hoşallygyny we minnetdarlygyny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurtlaryň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk ruhunda yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.