07.12.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli gutlag hatyny iberdi. "Türkmenistan" gazetinde çap edilen Gutlagynda Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle belleýär:
"Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk toýuna barýan günlerimizde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýynyň beýgelmegi, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriniň dabaralanmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Birleşen Milletler Guramasy bilen parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek Siziň alyp barýan daşary syýasatyňyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär. Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri şol syýasatda möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan howpsuzlygyň bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşyklylygy ýörelgesine eýerýär.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň ynsanperwer daşary syýasatyňyzyň netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hil taýdan täze derejä çykýar. Türkmen Bitaraplygynyň sebitdäki, şeýle hem dünýä derejesindäki ähmiýeti barha artýar. Bu gün Siziň döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmäge gönükdirilen çagyryşlaryňyz gymmatly başlangyç hökmünde halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar.
Sebitde durnuklylygy pugtalandyrmak ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Owganystanda parahatçylygy hem-de ylalaşyklylygy gazanmaga ýardam bermek, şol sanda goňşy ýurda ykdysady we ynsanperwerlik kömegini bermek Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynda möhüm meseleleriň biridir. Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, türkmen Bitaraplygynyň möhüm orny we onuň mümkinçilikleriniň zerurdygy ýene bir ýola aýdyň ýüze çykýar. Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hem munuň anyk mysallarynyň biridir.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Şu ýylyň oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň köpüsiniň Bitarap Türkmenistanyň bu başlangyjyny goldamagy, sebitdäki hemme ýurtlaryň oňa awtordaş hökmünde çykyş etmegi ýurdumyz üçin uly abraýdyr, «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygymyzyň aýdyň güwäsidir. Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işleri, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň formatynyň yzygiderli berkidilmegi, Arkadag şäherinde «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň geçirilip, Merkezi Aziýanyň ýaşlar forumynyň döredilmegi bäş dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitdi.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Sizi Nýu-Ýork şäherinden gelip gowşan hoş habar — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!".