Türkmenistanyň Prezidenti Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 276 raýaty tussaglykdan boşatdy

10.12.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň hem gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň barşynda döwlet Baştutany ýurtda asylly ýörelgä eýerilýändigini, ýagny eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramlaryň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly işleriň geçirilýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilen 276 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmaklary üçin ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, Watana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.