11.12.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Natalýa Germany kabul etdi.
TDH-niň habar berşi ýaly, iri halkara guramanyň wekili duşuşmaga wagt tapandygy üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirdi hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, ähli türkmenistanlylara bagtyýarlyk, abadançylyk, saýlap alan ösüş ýolunda üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle-de ol özüne Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýokary sylagyň — ýubileý medalynyň gowşurylandygy üçin hoşallyk bildirdi. Hanym Natalýa German mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň halkara abraýyny belende göteren, parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşan parahatçylyk söýüji syýasatyň başyny başlan we ösdüren türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Natalýa Germanyň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi. "Halkara hukuk tertibini berkitmäge çalyşmak bilen, biz BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýäris hem-de ählumumy dolandyryşyň köppolýarly ulgamyny ösdürmek we bu guramanyň maksatlaryny, Tertipnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda çykyş edýäris" diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany aýtdy.
"Türkmenistanyň daşary syýasaty sebit we halkara derejede durnuklylygyň, ösüşiň bähbitlerine dialogy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoraty bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, durnukly parahatçylyk we halkara howpsuzlyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan terrorçylygyň ählumumy derejedäki wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen tagallalara işjeň gatnaşýar. BMG-niň bu düzümi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň halkara howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri öz wagtynda işläp taýýarlamak üçin uly ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekip, döwlet Baştutany terrorçylyga garşy göreşmek babatda Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk derejesini ýokarlandyrmagy, maglumatlary, tejribeleri alyşmagy, parahatçylygyň, durnuklylygyň bähbidine hukuk we beýleki degişli gurallary berkitmegi maksat edinýän başlangyçlarynyň goldanylmagynyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Natalýa German köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli ösdürilýän hem-de täze ugurlary öz içine alýan Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy üçin hoşallyk bildirip, geljekde-de bütin dünýäde pugta parahatçylygy üpjün etmek boýunça umumy tagallalara goşant goşmaga taýýardygyny nygtady.