Ýaşulular — ýaş nesiller üçin nusgalyk görelde mekdebi

11.12.2024

10-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň meselelerine, welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy.

Gahryman Arkadagymyz mejlisi açyp, häzirki döwürde ýurdumyzda paýhasly pederlerimiziň dünýä nusgalyk işleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini belledi. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän we halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bolan şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmeleri 2024-nji ýylyň üstünlikli jemlenmegi we Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly döwletimiziň hem-de halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly wakalara beslendi. Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi üstünlikli geçdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow häzirki döwürde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri, bu babatda öňde durýan wezipeler, olary üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary hakynda aýdyp, welaýatlaryň hormatly ýaşulularynyň ilat arasynda geçirýän wagyz-nesihatlary, baýramçylyk çäreleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ýaşuly nesilleri jemgyýetiň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly wakalara işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Arkadagymyz Halk Maslahatynyň gün tertibindäki wezipeleri, döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halka ýetirmekde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini ilerletmekde, ýaşlary milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemekde Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň uly goldaw berýändiklerini belledi.

Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi. Ilki bilen, Aşgabat şäheriniň wekili O.Hojatow çykyş etdi.

Nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. Bu işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk beýan edildi. O.Hojatow pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň çapdan çykmagy, Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňra Ahal welaýatyndan G.Aýlyýew çykyş edip, welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry işe girizildi. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ýaşaýjylary üçin 200 sany ýolagçy awtobusyny sowgat berdi. Gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. Ahal welaýatyndan wekil Gahryman Arkadagymyzy “Hakyda göwheri” atly kitabynyň çapdan çykmagy hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilen “Bitewi suw” sammitinde öňe süren teklipleriniň möhüm ähmiýetini belledi.

Balkan welaýatyna wekilçilik edýän Ý.Atamyradow welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Arkadagymyzy “Hakyda göwheri” atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy, Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, gallaçy daýhanlaryň armasyny ýetirmegi, sebitiň ýaşaýjylaryna ýolagçy awtobuslarynyň 200-sini sowgat bermegi, Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we beýleki möhüm desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly ýörelgäniň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr diýip, Ý.Atamyradow belledi. Pursatdan peýdalanyp, ol Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra Lebap welaýatyna wekilçilik edýän E.Talipow çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, şu ýylda ýurdumyzda uly işler amala aşyryldy. Birnäçe möhüm taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Lebap sement zawodyny hem-de beýleki desgalary görkezmek bolar. Pursatdan peýdalanyp, E.Talipow Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işlerini halkymyzyň arasynda wagyz etmekde yhlasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Daşoguz welaýatyndan T.Kurbanmetow Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň halkymyz baradaky aladasy üçin welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýüzlerçe çaganyň saglygyny dikeltmäge ägirt uly goşant goşýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň sahawatynyň aýdyň nyşanydyr. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatda 1 müň 500 hojalyga niýetlenen şäherçäniň gurulmagy asylly işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. T.Kurbanmetow sözüniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Soňra Mary welaýatyndan wekil A.Çaryýew Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleriniň dünýä nusgalyk bolup, halkymyzyň her bir gününiň toý-baýramlara beslenýändigini belledi.

Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi bilen, Mary welaýatynda hem dürli maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi ulanylyşa girizildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Mary welaýatyndan bolan çagalaryň hem saglygyny dikeltmäge ýardam edildi. Munuň üçin welaýatyň ýaşaýjylary Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan edýärler.

Milli Liderimiz many-mazmunly çykyşlary üçin hormatly ýaşululara minnetdarlyk bildirip, türkmenleriň ula hormat goýmagy başarýan halkdygyny, taryhy müňýyllyklara uzaýan bu sylag-sarpanyň halkymyzyň ruhy gymmatlyklara uly sarpa goýýandygyny görkezýändigini aýtdy. Bu gymmatlyklar ýaş nesillere ýetirilýär. Ony mundan beýläk-de üstünlikli alyp barmakda Ýaşulular geňeşiniň orny uludyr.

Gahryman Arkadagymyz ynsanperwerligiň geňeşiň çäginde alnyp barylýan işleriň ileri tutulýan ugrudygy, türki dilli halklaryň diliniň, medeni hem-de taryhy kökleriniň umumylygy bilen tapawutlanýandygy barada “Hakyda göwheri” atly täze kitabynda belländigini aýtdy. Biz halklarymyzyň ganyna we süňňüne siňen aslymyzdan, maşgala gymmatlyklaryna wepalylykdan, ata-enelerimizi, ýaşululary hormatlamakdan hiç haçan ýüz öwürmeýäris, däp-dessurlarymyza hormat goýmakdan, watançylygymyzdan el çekmeýäris diýip, alym Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Türkmen milletine mahsus bolan milli häsiýetleriň iň gowularynyň biri ýaşululary arzylamakdygyny, olaryň öwüt-ündewini, berýän maslahatlaryny diňlemekdigini nygtap, Milli Liderimiz “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda her ýylda ýurdumyzda geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisiniň ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, belli bir karara gelmek däbiniň demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň mysalydygyny belländigine ünsi çekdi.

Ýaşuly nesilleri sylamak, eliňden gelse zyýapat etmek, hiç bolmanda, ýagşy söz bilen göwnüni götermek belent adamkärçilikden nyşandyr. Häzirki wagtda ýaşulularyň baý durmuş tejribesi ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, milli däp-dessurlary berjaý etmek, agzybirligi, asudalygy berkitmek meseleleriniň ähmiýetine ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz bu asylly kadalaryň dowamat-dowam bolmagynyň türkmen halkynyň asyrlary nazarlaýan ýoluna ýagtylyk çaýýandygyny, ilimize rysgal-bereket bagyşlaýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, Milli Liderimiz hemmelere ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde, ýaşlary watansöýüji, arassa ahlakly nesiller edip ýetişdirmekde alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

***

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ýurdumyzda toýlanýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen daşary ýurtly myhmanlary sylaglamak dabarasy boldy.

Gahryman Arkadagymyz Diýarymyzda toýlaryň uludan toýlanýandygyny, şu gün bolsa Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda maslahat geçirilendigini belledi we hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli gol çeken Permanlaryny okamak üçin, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarowa söz berdi.

R.Bazarow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlardan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Magtymguly adyndaky halkara baýraklar baradaky komitetiň kararyny nazara alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Magtymguly adyndaky halkara baýrak berildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşan bilen sylaglamak hakynda gol çekilen Perman okaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşan gowşuryldy.

Gahryman Arkadagymyz özüne bildirilen hormat üçin minnetdarlyk bildirip, nusgawy şahyryň adyny göterýän halkara baýrak hem-de Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglap, zähmetine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Halkymyzyň ruhy dünýäsinde Magtymguly Pyraga we onuň döredijiligine uly hormat goýulýandygyny belläp, alym Arkadagymyz Magtymguly adyndaky halkara baýragyň we ýubileý medalynyň gowşurylmagyny watandaşlarymyzyň özüne bildirýän ynamy, täze, belent sepgitlere ýetmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleriň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Bu sylaglar halkymyzyň öz beýik ogly Magtymguly Pyraga uly hormat, belent sarpa goýýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Akyldaryň adyny göterýän baýragyň hem-de ýubileý medalynyň gowşurylmagy halkymyzyň, geljek nesilleriň, berkarar Watanymyzyň abadançylygy we gülläp ösmegi ugrunda güýjüňi gaýgyrman, ýadawsyz, tutanýerli işlemäge borçly edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Bu ýerde guralýan dabara hormatly myhmanlaryň hem gatnaşýandygyny aýdyp, Milli Liderimiz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen köp ýyllardan bäri dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny belledi. Ol hem, öz gezeginde, türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge mynasyp goşandyny goşýar, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny wagyz etmekde uly işler alyp barýar diýip bellemek bilen, Gahryman Arkadagymyz hormatly Binali Ýyldyrymy bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak we Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamagyň özi üçin örän ýakymlydygyny aýtdy.

Soňra bu ýerde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen at, şeýle hem “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.

Binali Ýyldyrym Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we doganlyk türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady. Ol häzirki döwürde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýändigini nygtady. Ol Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň işine goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dünýäniň dürli künjeklerinde giň gerimli dabaralaryň geçirilmeginiň hemmeler üçin buýsandyryjydygyny aýtdy. Aýratyn-da, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň dakylmagynyň we “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň gowşurylmagynyň ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyna ünsi çekip, bu çözgüdiň özüni mundan beýläk-de beýik işleri bitirmäge borçlandyrýandygyny belledi.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygyny aýdyp, myhman özüne bildirilen hormat üçin Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Soňra dabara ýurdumyza gelen ýene-de bir hormatly myhmany sylaglamak çäresi bilen dowam etdi. Milli Liderimiz germaniýaly lukman, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Klaus Georg Parhoferiň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda köp işleri bitirendigini belledi we onuň lukmanlary taýýarlamakda, döwrebap saglygy goraýyş edaralaryny gurmakda gymmatly maslahatlaryny berendigini, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny wagyz etmekde-de onuň mynasyp goşandynyň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň Klaus Georg Parhoferi Türkmenistanyň «Arkadag» medaly hem-de «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglaýandygyny aýtdy.

Myhman özüne bildirilen hormat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamy boýunça alnyp barylýan işleriň ýokary baha mynasypdygyny nygtady. Munuň özi ýurtda ynsan saglygynyň berkidilmegine, ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň edilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň netijesidir. Şeýle hem ol Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy boýunça alyp baran işlerine, özara tejribe alyşmak ugrunda bilelikde edilýän tagallalara bildirilen hormatyň nyşany bolan “Arkadag” medalynyň we “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň gowşurylmagyny aýratyn buýsanç bilen kabul edýändigini aýtdy.

Soňra bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we dabara gatnaşyjylar bilelikde surata düşdüler.

***

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalaryny sylaglamak dabarasy boldy. Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, eden işi nusgalyk parasatly gojalarymyzyň, enelerimiziň halkymyzyň buýsanjydygyny belläp, ýaşlara görelde bolýan ýaşulularymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmekde mynasyp goşant goşýandyklaryna ünsi çekdi.

Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň terbiýeçilik, wagyz-nesihat, ösüp gelýän ýaş nesilleri goldamak barada ýerlerde alyp barýan işleriniň, oba zähmetkeşleri bilen geçirýän çäreleriniň agzybirligimizi pugtalandyrmaga, milli bitewüligimizi berkitmäge, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge ýardam berýändigini belläp, Milli Liderimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşululary Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalaryna bu ýokary sylag dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde jemgyýetimiziň öňünde asylly hyzmatlary bitirenler döwlet derejesinde sarpalanylýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň berkidilmegine gönükdirilýändigini alamatlandyrýar. Ýokary döwlet sylaglaryny aýratyn buýsanç duýgusy bilen kabul eden hormatly ýaşulular Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” ýubileý medaly we ýadygärlik nyşan bilen sylaglanyldy.

Lebap welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly E.Talipow özlerine bildirilen uly hormat üçin ähli ildeşlerimiziň we dabara gatnaşýan ýaşulularyň adyndan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdi. Şeýle hem ol halk arasynda watansöýüjilik, arassa ahlaklylyk ýaly ynsanperwer ýörelgeleri wagyz etmek, ýaşlaryň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmegi ugrunda yzygiderli tagalla etjekdiklerine ynandyrdy.

Milli Liderimiz hormatly ýaşululary ýene-de bir gezek Halkara Bitaraplyk güni hem-de mynasyp bolan sylaglary bilen gutlady hem-de olara berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.