Aşgabatda Türkmenistan bilen BMG-niň durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygy boýunça maslahatlaşyldy

15.12.2024

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň utgaşykly görnüşdäki mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

13-nji dekabrda bolan mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine gutarnykly baha bermek boýunça maslahatlara, agzalan resminamanyň amal edilişiniň netijeleri boýunça bäş Toparyň her biriniň ýerine ýetiren işlerine hem-de Çarçuwaly Maksatnamanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin indiki tapgyryny işläp taýýarlamak boýunça işe garaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Çarçuwaly maksatnamasynyň Türkmenistan bilen BMG-niň we onuň edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygynyň ösüşini ulgamlaýyn esasda kesgitleýän esasy resminamalaryň biridigini, şeýle hem onuň bilelikde alnyp barylýan işiň orta we uzakmöhletleýin maksatnamalaryna we meýilnamalaryna esaslanýandygyny bellediler.

Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň DIM-iň mundan beýläk hem pudagara derejesinde resminamanyň işlenip taýýarlanylmagyny utgaşdyrjakdygyna duşuşyga gatnaşyjylary ynandyrdy.