Türkmenistanyň Prezidenti Ilham Aliýewi Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady

09.02.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen mübärekläp, Gutlag hatyny ýollady. Bu barada azerbaýjan Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň azerbaýjanly kärdeşine ýollan hatynda, hususan-da, şeýle diýilýär:

— Hormatly Ilham Geýdar ogly.

Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ses berişligiň netijeleri, azerbaýjan halkynyň döwletliligi we durmuş-ykdysady ösüşini berkitmäge gönükdirilen syýasy ugruňyza bolan ynamyň hem-de goldawyň ýokary derejesidir. Bu möhüm wakanyň geljekde Azerbaýjan Respublikasynyň ösüşine we raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna kömek etjekdigine ynanýaryn.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu gatnaşyklaryň geljekde ösjekdigine we iki ýurduň halkynyň hatyrasyna çuňlaşjakdygyna ynanýaryn. Şahsy ünsüňiz we ýurtlarymyzyň arasyndaky gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly goldawyňyz üçinn Size minnetdarlygymyzy bildirýärin.

Hormatly Ilham Geýdar ogly, Size saglyk, bagt we döwlet Baştutany hökmünde alyp barýan işleriňizde üstünlik, Azerbaýjanyň dogan halkyna bolsa parahatçylyk, asudalyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin.