15.12.2024
Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine täze bellenilen Rawşanbek Alimowy kabul etdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ilçi türkmen döwletiniň Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, şeýle hem doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy bilen hem gutlady.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany hoşniýeti sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamyny beýan edip, ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we özara hormat goýmak, ynanyşmak häsiýetine eýe bolan köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek, pugtalandyrmak ugrundaky işlerinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.
"Biz wagtyň synagyndan geçen iň ýakyn goňşymyz bilen gatnaşyklara ýokary baha berýäris, iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ileri tutulýan ugrudyr" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany we diplomat ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem iri sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Şeýle-de köpugurly hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn orun degişlidigi, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy okgunly ösüş häsiýetine eýe bolup, ýangyç-energetika, ulag-logistika we oba hojalyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigi, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň hem döwletara dialogyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy barada aýdyldy.
Ilçi Rawşanbek Alimow türkmen-özbek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowa alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.