Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda “Agzybirlik tilsimaty” kompaniýasynyň öndürýän kompýuterleri ornaşdyryldy

09.02.2024

Türkmenistanyň iň ýaş we döwrebap şäheri bolan Arkadag şäheriniň durmuş infrastrukturasy özünde iň öňdebaryjy tehnologiýalary jemleýär. Şäheriň edaradyr kärhanalarynda ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň innowasion işläp taýýarlamalary, kompýuterleri we programma üpjünçiligi ornaşdyryldy.

Şunda “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasynyň hem mynasyp paýy bardyr. Bu kärhana şäheriň edaralaryny 2000-e golaý kompýuterler, monitorlar we barkod enjamlar bilen üpjün etdi.

Mekdep bosagasyndan ilkinji gezek gadam basýan ýurdumyzyň ähli çagalaryna bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň hem birinji synpa gidýän okuwçylaryna “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasynyň öndürýän “Bilimli” noutbuklary gowşurylýar.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady ministrliginiň “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy 2018-nji ýylda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde döredildi.

Ýurdumyzda innowasion önümleriň önümçiliginde ýörüteleşen ilkinji kärhanalaryň biri bolan bu kompaniýa millionlarça Türkmenistanlylaryň döwrebap kompýterleriň we smart enjamlaryň eýesi bolmagyna mümkinçilik döretdi.

Kärhananyň ýaş we gujurly inžinerleri “Intel” we “Microsoft” ýaly dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen bielikde geçrilýän okuw maslahatlaryna gatnaşýarlar we hünär derejelerini yzygiderli kämilleşdirýärler.

Kompaniýa “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy Western Digital company, Kingston technology company Inc., Proudly Recognizes company, ECS elitegroup company we Tsinghua Tongfang ýaly kompaniýalar bilen söwda we hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky şahadatnamalaryň eýesidir.

“Agzybirlik tilsimaty” kärhanasy Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilen abraýly sergileriň we tanyşdyrylyş dabaralarynyň diplomlaryna we sylaglaryna mynasyp boldy.

Häzirki wagtda ISO 9001:2015 halkara standartlarynyň güwänamasyny almak boýunça işleriň ikinji tapgyry dowam edýär.

Interaktiw paneller, bilim ulgamynyň hünärmenler bilen bilelikde ýokary okuw mekdepleri üçin işlenip taýýarlanylýan elektron gollanmalar, şeýle hem kämilleşdirilen kompýuterler häzirki wagtda kompaniýanyň işjeň durmuşa geçirýän ähmiýetli taslamalarynyň hataryndadyr.