Türkmenistanyň Prezidenti 18-19-njy dekabrda Malaýziýada saparda bolar

19.12.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 18-19-njy dekabrda Malaýziýa resmi saparyny amala aşyrar. Bu sapar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň iň ýokary döwlet wezipesine saýlanylandan soňra Malaýziýa amala aşyrýan ilkinji saparydyr diýip, Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň şu gün köpçülige ýetiren resmi beýanatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky döwlet wekiliýetiniň düzümine daşary syýasat, oba hojalygy, medeniýet, ylym-bilim, nebitgaz ulgamlaryna degişli wekiller girýär. Döwlet Baştutany şu gün Kuala-Lumpurda ýokary derejede garşylanar. Ertir – 19-njy dekabrda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Putrajaýa şäherindäki Perdana Putere döwlet kabul edilşikler toplumynda Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçiriler. Kuala-Lumpurdan 20 kilometr günortada ýerleşýän Putrajaýa şäheri Malaýziýanyň täze edara ediş merkezi bolmak bilen, oňa paýtagtdan ýurduň möhüm pudaklary we hökümet edaralary göçürildi.

Şol gün döwlet Baştutany Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim bilen duşuşar we iki tarapyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümdäki gepleşiklere gatnaşar. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň syýasy, ykdysady, söwda, energetika, tehnologiýalar, logistika, senagat, bilim, syýahatçylyk hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşylar.