Daşary işler ministrliginde ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

14.01.2025

Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurduň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri hem-de hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar 2025-nji ýylda bilelikdäki çäreleri geçirmek boýuna meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.