12.02.2024
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä we ýurduň ähli doganlyk halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy – Ynkylap güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
— Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ýola goýlan köpugurly gatnaşyklara ýokary baha berýär. Biz gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardygymyzy beýan edýäris — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Seýed Ebrahim Raisä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Eýran Yslam Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.