16.01.2025
15-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy» atly maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçy düzümi we wekilleri, Türkmenistanda hereket edýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de ýerli we daşary ýurt KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtyna habar berlişine görä, daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda häzirki zamanyň ählumumy gün tertibiniň esasy meselelerine, şeýle-de türkmen tarapynyň özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek baradaky garaýyşlarynyň beýany bolan Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň üstünde aýratyn durup geçdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Şonuň bilen birlikde, möhüm şanly wakalaryň – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň utgaşyp gelmeginiň 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da artdyrjakdygy aýratyn bellenildi.
Türkmenistanyň bitarap, goşulyşmaýan we birleşmelere girmeýän ýurtlaryň, bar bolan hem-de ýüze çykyp biljek gapma-garşylyklary çözmegiň parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullaryna geçmek üçin şertleri döretmekde mümkinçiliklerini, tejribesini we ygtyýarlygyny birleşdirip, gapma-garşylyklara gatnaşmazlyk hem-de goşulyşmazlyk ýörelgelerine eýerýän ähli döwletleriň goldawyna garaşýandygy bellenildi.
Maslahata gatnaşyjylar ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň wajyplygyny biragyzdan bellediler.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyny dolulygyna makullaýandygyny habar beripdik.