17.01.2025
Türkmenistanyň ilçisi Esen Aýdogdyýew we Sloweniýanyň Döwlet sekretary Marko Ştusin iki ýurduň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.
Duşuşyk iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary ösdürmegiň çäginde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy gatnaşyklary güýçlendirmek, şol sanda halkara guramalaryň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek bilen bagly meselelere özara gyzyklanma bildirdiler.
2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli halkara foruma aýratyn üns berildi. Bu çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanar we ýurduň taryhynda möhüm waka bolar.