Türkmenistan Ýaponiýanyň Dostluk alyş-çalşygy geňeşi bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenýär

24.01.2025

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Dostluk alyş-çalşygy boýunça halkara geňeşiniň direktory Hiroýuki Ýuşitanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy bilen Dostluk alyş-çalşygy boýunça halkara geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Ýaponiýanyň Dostluk alyş-çalşygy boýunça halkara geňeşiniň alyp barýan işlerine «hormatly agza» hökmünde gatnaşmagy boýunça pikir alşyldy.

Ilçi A.Baýramow 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini bellemek bilen, agzalan geňeşiň çäklerinde bu şygara bagyşlap birnäçe çäreleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.