«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» IFT 2025 forumyna hasaba alma açyldy

25.01.2025

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň 18-nji martynda ýurdumyzyň hususy pudagyna maýa goýumlaryny çekmeklige bagyşlanan «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» (IFT 2025) atly Halkara forumy geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Söwda-senagat edarasy tarapyndan «TMT Consulting Group» kompaniýasy bilen bilelikde guralýar.

Forum ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy meýdança bolup, oňa gatnaşýanlar:

• senagat, ulag, oba hojalyk we IT pudagyndaky geljekli taslamalary öwrenerler;
• hususy telekeçilige goldaw bermek boýunça çäreler barada maglumat alarlar;
• halkara we ýerli maýa goýujylar bilen aragatnaşyk gurnamak üçin mümkinçilik alarlar;
• maýa goýum boýunça iň oňat tejribeler boýunça bilermenler mejlislerine gatnaşarlar.

Foruma gatnaşmak üçin hasaba almak eýýäm açyldy. Isleg bildirenler https://www.ift.com.tm saýtyna girip, hasaba alnyp bilerler.

Gatnaşmak meseleleri boýunça habarlaşmak üçin:

• Elektron poçta: info.tmt.tm
• Telefon belgileri: +99312753648, +99312753644