«Altyn asyr» Moskwanyň «Lokomotiw» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

13.02.2024

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol kluby Russiýanyň Premýer-ligasynda çykyş edýän Moskwanyň «Lokomotiw» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek barada ylalaşyk gazandy. Bu barada «demirýolçularyň» metbugat gullugy habar berdi.

Çeşmede habar berlişine görä, ýoldaşlyk duşuşygy toparlaryň BAE-de geçirjek okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde guralar. Oýun 16-njy fewralda Aşgabat wagty bilen sagat 18:00-da başlanar.

«Altyn asyr» 12-nji fewraldan 2-nji marta çenli BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri şol okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde 4-nji martda başlanjak Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine taýýarlyk görmek üçin birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirerler.