Aşgabatda çagalar üçin IT we robototehnika okuwlaryna 40%-e çenli arzanladyş dowam edýär

15.02.2024

Aşgabatdaky bilim merkezinde 29-njy fewrala çenli robototehnika we IT programmirleme okuwlaryna 40% arzanladyş dowam edýär. Arzanladyşlar robototehnika okuwlaryna 5 — 16 ýaş aralygyndaky çagalar üçin, IT programmirleme okuwlaryna bolsa 13 ýaşdan 18 ýaşa çenli ýetginjekler üçin ýetirilýär. Bilim merkeziniň ýerleşýän salgysy: Atatürk köçesiniň 61-nji jaýy. Şunuň bilen birlikde, bilim merkezi 20-21-nji fewralda çaganyň bu ugurdan okuwa gyzyklanmasyny we höwesini bilmäge ýardam etjek tölegsiz synag ediş sapaklaryna gatnaşmaga çagyrýar. 20-nji fewralda IT programmirleme boýunça geçiljek sapakda ýetginjekler programmirleme dilleri bilen tanşarlar, ýönekeý görnüşdäki web saýty ýa-da goşundyny döretmäge synanyşarlar, şeýle-de frontend we backend düşünjelerine akyl ýetirerler. 20-nji fewralda geçjek synag ediş sapaklarynyň tertibi: 10:00-11:00 11:30-12:30 13:00-14:00 14:30-15:30 16:00-17:00 21-nji fewralda robototehnika boýunça geçiljek sapakda çagalar shemotehnikanyň esaslaryny öwrenerler ýa-da ilkinji programmalaryny ýazarlar hem-de robot işe girizerler. 21-nji fewralda geçjek synag ediş sapaklarynyň tertibi: 12:30-13:15 13:45-14:30 15:00-15:45 16:15-17:00 Has giňişleýin bilmek üçin şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 71) 14 17 80, (+993 71) 14 17 81. Ýerleşýän salgysy: Atatürk köçesiniň 61-nji jaýy.