06.02.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge öz ýurdunda uly ähmiýet berilýändigini belledi we Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Sigeru Isibanyň türkmen halkynyň Milli Liderine iberen salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Gahryman Arkadag myhmany mähirli mübärekläp, Imperator Naruhito hem-de Premýer-ministr Sigeru Isiba saglyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Akihisa Nagaşima döwletara gatnaşyklary ösdürmekde özara saparlaryň möhüm ähmiýetini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparlaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň barşynda Gahryman Arkadag Türkmenistanyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, onuň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ony gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.
Söhbetdeşlikde Gyýanlydaky polimer zawody, Garabogazdaky karbamid zawody, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod hem-de «Maryazot» zawody bilelikde üstünlikli amala aşyrylan taslamalaryň hatarynda görkezildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda hem ýurtda ýapon kompaniýalary bilen bilelikde iri taslamalaryň amala aşyrylýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Gahryman Arkadag ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigini belledi we pursatdan peýdalanyp, «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň hem-de Ýaponiýada «EKSPO – 2025» bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýapon diliniň okadylýandygyny aýtdy we bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň, şeýle hem özara Medeniýet günlerini geçirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.