Türkmentelekom täze KVM hyzmatyny we Kolokasiýa üçin arzanladyşy hödürleýär

20.01.2021

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy, KVM (Kernel-based Virtual Machine) wirtuallaşdyryş tehnologiýasy esasynda Wirtual Dedicated Server VPS / VDS hyzmatlaryny, şeýle hem Kolokasiýa hyzmaty üçin arzanladyşy hödürleýär.

Müşderilere birnäçe goşmaça hyzmatlary hödürleýär. Saýlanan nyrh meýilnamasyna garamazdan, ýokary hilli wirtual VPS / VDS serwerini almaga mümkinçilik döredilen.

Goşmaça maglumatlar üçin «telecom.tm» web saýtynyň hyzmatlar bölüminde görüp bilersiňiz