Gazak uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi

12.02.2025

Almaty şäherindäki Gazagystanyň Milli agrar gözlegler uniwersitetinde Türkmenistanyň ilçihanasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi guralan dabara uniwersitetiň ýolbaşçylary, hormatly myhmanlar we işjeň türkmen talyplary gatnaşdylar.

Şeýle-de çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurduň soňky ýyllarda gazanan üstünlikleri barada ýörite taýýarlanan wideo görkezildi.

Bu dabarada türkmen talyplary ajaýyp çykyşlary bilen tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdylar. Olar Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okadylar hem-de türkmen milli tansy bolan «Küştdepdi» tansyny ýerine ýetirdiler.

Dabara tamamlanandan soňra türkmen diplomatlary bu ýokary okuw mekdebiniň dolandyryş geňeşiniň başlygy, rektor Ahilbek Kurişbaýew we uniwersitetiň mugallymlary bilen duşuşdylar. Duşuşykda 2025-nji ýylyň dowamynda bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.