«Malaý» käninden 2024-nji ýylda 5 milliard 469,9 million kub metrden gowrak gaz alyndy

14.02.2025

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň «Malaý» käninden 2024-nji ýylda 5 milliard 469,9 million kub metrden gowrak gaz alyndy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylyň ýanwarynda kuwwatlylygy ýylda 30 milliard kub metr tebigy gazy akdyrmaga niýetlenen «Malaý» gaz gysyjy desgasy işe girizildi. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» çäginde gurlan döwrebap desga «A» we «B» önümçilik sehlerinden ybarat bolup, onuň «A» sehiniň wezipesi «Malaý» gaz känini doly özleşdirmekden, ýagny bu kändäki guýularyň önüm berijiligini artdyrmakdan, gaz gorundan has doly peýdalanmakdan ybarat.

Burawlanyp alynýan tebigy gaz uzynlygy 188 kilometre barabar bolan ýokary basyşly «Malaý» — «Bagtyýarlyk» gaz geçirijisine berilýär. 2024-nji ýylda bu gaz geçiriji arkaly akdyrylan mawy ýangyç 5,8 milliard kub metre golaý bolup, bu baradaky ýyllyk meýilnama 125,7 göterim berjaý edildi. Gymmatly harytlyk önümiň agramly bölegi bolsa Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi arkaly akdyryldy.

Geçen ýyllarda bu kändäki gazy arassalaýjy ilkinji desganyň awtomatika ulgamynyň durkuny täzelemek işleri-de ýerine ýetirildi. Netijede, oňa iň kämil tehnologiýalar ornaşdyryldy. Bu bolsa desgada ygtybarly ölçeg we barlag enjamlaryny oturtmaga, bir bitewi ulgama birikdirilen kompýuter arkaly olaryň işleýşine gözegçilik etmäge, ýüze çykan gyşarmalary awtomatik usulda düzetmäge mümkinçilik berdi.

2025-nji ýylyň geçen ilkinji aýynda «Malaý» gaz käni boýunça tebigy gazyň 444,4 million kub metriniň öndürilip, meýilnama 108 göterime golaý berjaý edildi diýlip, habarda bellenilýär.