15.02.2025
Türkmenistanda şu ýylyň ýanwar aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurt boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 3 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga hem-de welaýatlarda goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde aýtdy.
Döwlet Baştutany Hökümet mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, ýanwar aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny, netijede, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.