15.02.2025
Türkmenistanda şu ýylyň ýanwar aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 101,9, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 104,8 göterime deň boldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hakyndaky hasabatynda aýtdy.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,1 göterime deň boldy.
Ýanwar aýynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 104,1, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 111, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 116,3, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 116,6, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça bolsa 117,1 göterime deň boldy.
«Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hem aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň ýerleşiş amatlylygyndan netijeli peýdalanmak bilen, halkara ulag geçelgeleriniň işini kämilleşdirmegiň, üstaşyr gatnawlary üçin amatly şertleri döretmegiň, olaryň sanyny artdyrmagyň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutany: «Ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmak, bu ugurdaky işleri talabalaýyk gurap, ýolagçylara edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek, pudaklara sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak işlerini hem giň gerim bilen dowam etmek zerurdyr» diýdi we agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.