Ispaniýa Patyşalygynyň wekiliýeti mart aýynyň ortalarynda Türkmenistana gelerler

17.02.2024

Mälim bolşy ýaly, Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Markos Gomez Martinez 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Ispaniýanyň Türkmenistandaky Ilçisi wezipesine resmi taýdan işe girişdi.

2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Ispaniýanyň Ilçisi Markos Gomez Martineziň Aşgabat şäherine iş sapary wagtynda Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýanyndaky “Türkmendemirýollary” agentliginiň binasynda türkmen demirýolçulary bilen duşuşdy.

Türkmen demirýolçulary Ispaniýanyň Ilçisi Markos Gomez Martineze Türkmenistanyň infrastruktura taslamalary we demirýol ulaglary pudagynyň geljegi bilen tanyş etdiler.

Ispaniýaly diplomat Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanyň demirýol ulaglary pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady we 2024-nji ýylyň mart aýynyň ortalarynda Ispaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalaryny we maýa goýumdarlaryny işleri, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça we ýokary hünärli hünärmenleri Aşgabat şäherine alyp gelmegi isleýändigini aýtdy. Taraplar iki ýurduň arasynda degişli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.

Türkmen demirýolçulary hem öz gezeginde demirýol pudagynda ispan öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýändiklerini, hususan-da “S.A.E. Ibertest”, “Talgo”, “TELTRONIK”, “TYPSA GROUP” we “FIEM” ýaly kompaniýalary hem düzüme goşulmagyny teklip berdiler.

“S.A.E. Ibertest” kompaniýasy bilen bilelikde “Türkmendemirýollary” agentligi 2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Awazada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady Forumynyň çäginde tejribe alyşmak, synag ulgamlaryny, enjamlaryny we bilimlerini üpjün etmek meýilli Ähtnama gol çekildi. Türkmenistanda demirýol enjamlaryny barlamak, synagdan geçirmek we taýýarlamak boýunça milli maglumat merkezi (NRCTRE) bu taslama üçin zerur bolan serişdeleri Ispaniýanyň Senagat, söwda we syýahatçylyk ministrliginiň "Ispan kompaniýalaryny halkaralaşdyrmak gaznasyndan" (FIEM) maliýeleşdirmek göz öňünde tutulan.

Bu duşuşygyň esasy maksady - maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak we ýurdumyzyň infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmek, demirýol ulaglary pudagynyň geljegi uly ugurlary, ýurtlarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyk, şeýle hem innowasiýa, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda gepleşikler arkaly ara alyp maslahatlaşmak bolup durýar.

Şeýle hem, Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Markos Gomez Martineziň 6-njy fewralda Moskwada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdiýew bilen bolan duşuşykda hem bu barada tassyklandygyny ýatladýarys