Türkmenistan Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny teklip edýär

01.03.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassanini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, hanym Antonella Bassani duşuşykda Bütindünýä bankynyň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de onuň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Prezidentine iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Bütindünýä bankynyň ýolbaşçysyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutany myhmanyň saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi we bu gepleşikleriň netijeli bolmagyny arzuw etdi.

Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Bütindünýä banky bilen birnäçe möhüm taslamalary durmuşa geçirýändigi barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, ýurduň üpjünçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bu taslamalaryň esasy maksady bolup durýar. Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmagyň dowamynda Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmeginiň ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge berk esas bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sebit ähmiýetli köpugurly Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belläp, Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak babatda Bütindünýä bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

— Mundan başga-da, Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, milli banklarymyz we hususy ulgam bilen gatnaşyklaryň täze we has netijeli görnüşleriniň ulanylmagyny goldaýarys. Ykdysadyýete täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz hem-de maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde hem Bütindünýä banky bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, hanym Antonella Bassanä alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.